Boeing üpjünçilik meselesi sebäpli 2022-nji ýylda 737-niň önümçiligi baradaky çaklamasyny ýene gowşatdy

  • 28.10.2022 23:31
  • 12k+

Dünýäniň iň uly awiasiýa, kosmos we harby tehnikasyny öndürijileriniň biri bolan amerikan konserni Boeing Co. komponentleriň üpjünçiligi bilen bagly mesele sebäpli şu ýyl üçin Boeing 737 uçarlarynyň önümçiligi baradaky çaklamasyny ýene-de azaltdy. Bu barada Interfax.ru habar berýär.

Awiaöndüriji 2022-nji ýylda bazara bu modelden 375 uçar ibermegi göz öňünde tutýar diýip, kompaniýanyň maliýe müdiri Braýan West üçünji çärýek üçin maliýe hasabaty neşir edilenden soň geçirilen metbugat konferensiýasynda aýtdy. Ilkibaşda kompaniýa şu ýyl bu modeliň önümçiliginiň 500 uçara deň boljakdygyny çaklapdy, ýöne iýul aýynda çaklamany “takmynan, 400 uçara” çenli azaltdy.
Şol bir wagtyň özünde, Boeing indiki ýyl aýda ortaça 30 uçar öndürip bilmegine we şu ýylyň ahyryna çenli önümçilik görkezijileriniň ep-esli ýokarlanmagyna garaşýar.


27.01.2026 18:14
7.4k+

Boeing 600 uçar sargydyny bitirdi — bu soňky 7 ýylda kompaniýanyň rekordy

2025-nji ýylda Boeing Co. amerikan awiagurluşyk konserni müşderilere 600 sany täjirçilik uçaryny iberdi. Bu görkeziji geçen ýyldaky 348 uçar bilen deňeşdirilende 72% köpdür. Bu netije kompaniýa üçin 2018-nji ýyldan bäri, ýagny soňky ýedi ýylyň dowamynda iň ýokary görkeziji boldy...

17.01.2026 16:47
3.6k+

Boeing 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sargytlaryň sany boýunça Airbus-dan öňe geçdi

Amerikanyň Boeing korporasiýasy geçen ýylyň jemleýji hasabatyny Ýewropanyň Airbus konserni bilen bir wagtda diýen ýaly çap etdi. Hasabata görä, Boeing täze raýat uçarlary üçin 1 173 sany sargyt almagy başardy, Airbus-yň görkezijisi bolsa 1 000 töweregi sargyt bilen çäklenip galdy...

04.11.2025 19:35
7.4k+

Boeing täze 777X uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi sebäpli 5,4 milliard dollar ýitirdi

Amerikanyň Boeing awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegine degişli maliýe hasabatyny ýaýratdy. Hasabata görä, 777X ýolagçy uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi goşmaça çykdajylara we jemi 5,4 milliard dollarlyk ýitgä sebäp boldy...

10.10.2025 09:23
4.9k+

Airbus A320 Boeing 737-den öňe geçip, taryhda iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy

Airbus kompaniýasynyň A320 uçary awiasiýanyň taryhynda bazara iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy. Bu barada Cirium analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Reuters habar berýär. A320 uçary 1984-nji ýylda çykaryldy...