Microsoft çärýekleýin arassa girdejisini 14% azaltdy

  • 27.10.2022 17:38
  • 2.3k+

Microsoft Corp. korporasiýasynyň 2023-nji maliýe ýylynyň birinji çärýeginde arassa girdejisi 14% azaldy, girdeji bolsa 11% ýokarlandy. Görkezijileriň ikisi-de analitikleriň çaklanyndan ýokary boldy diýip, MarketWatch ýazýar. Muny interfax.ru ýetirýär.

30-njy sentýabrda tamamlanan maliýe çärýeginde arassa girdeji geçen maliýe ýylynyň degişli döwründäki 20,51 mlrd dollar bilen deňeşdirilende, 17,56 mlrd dollar boldy. Paý üçin hasapda düşewünt bir ýyl ozalky 2,71 dollardan 2,35 dollara çenli azaldy.
Microsoft-yň çärýek girdejisi 45,32 mlrd dollardan 50,1 mlrd dollara çenli artdy. Hünärmenler kompaniýanyň arassa girdejisiniň 49,66 mlrd dollar girdejide paý üçin 2,31 dollar derejesinde bolmagyny çaklapdylar.
Geçen maliýe çärýeginde korporasiýa paýdarlara diwidend tölegleri we paýnamalary yzyna satyn almak görnüşinde 9,7 mlrd dollar gaýtaryp berdi, bu bolsa bir ýyl ozal bu maksatlar üçin sarp edilen mukdardan 11% azdyr.
Şu maliýe çärýeginde kompaniýa girdejiniň 52,35-53,35 mlrd dollar bolmagyny çaklaýar. 2022-nji ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 25,5% peselip, 1,84 trln dollara barabar boldy.


03.03.2026 13:28
647

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

31.01.2026 12:04
2.6k+

Microsoft bir günde bazar bahasyndan 440 milliard dollar ýitirdi

Microsoft kompaniýasynyň kapitalizasiýasy bir söwda gününiň dowamynda 440 milliard dollar pese düşdi. Bu ýagdaý kompaniýanyň taryhynda şeýle uly möçberdäki ikinji pese düşme boldy.   2026-njy maliýe ýylynyň ikinji çärýegi baradaky hasabat çap edilenden soň, aksiýalaryň bahasy 5,37% peseldi...

31.01.2026 09:16
958

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

26.01.2026 21:51
1.6k+

Microsoft Teams iş berijilere işgärleriniň nirededigini görkezer

Amerikanyň Microsoft korporasiýasy Microsoft 365 platformasyna täze funksiýany goşmagy meýilleşdirýär. Ol iş berijilere iş wagtynda işgärleriniň nirededigini Teams arkaly yzarlamaga mümkinçilik berer. Şahsy durmuşa gatyşmak bilen bagly jedeller sebäpli, bu täzeligiň girizilmegi ýanwar aýyndan mart aýyna süýşürildi...