Indoneziýa baý adamlar we maýadarlar üçin 5 we 10 ýyllyk wizalar bilen bagly başlangyjyny tamamlaýar

  • 27.10.2022 13:00
  • 6.5k+

Indoneziýanyň häkimiýetleri barly daşary ýurtlular, maýadarlar we ýokary hünärli işgärler üçin uzak möhletli wizalary bermegiň täze düzgünlerini tamamlamagyň üstünde işleýär. Bu barada Indoneziýanyň detikNews täzelikler portaly habar berýär diýip, TASS belleýär.

Indoneziýanyň immigrasiýa gullugynyň baş müdiri Widodo Ekatýahýana gürrüňiň 10 ýyla çenli uzaldylyp bilinjek bäş ýyllyk täze ýörite wizalar baradadygyny aýdýar. Ýagny, bu ikinji öý wizalarydyr. Häkimiýetler bu ýol bilen, ilkinji nobatda, maýadarlary, uly kapitaly bolan adamlary ýurda çekmek isleýärler. Mundan başga-da, şeýle wizalary haýsydyr bir ugurdan ýokary hünäre eýe bolan adamlar, daşary ýurtlardaky Indoneziýa diasporasynyň wekilleri alyp biler.

“Ikinji öý wizasy” boýunça alnyp barylýan işler entek tamamlaýyş tapgyrynda. Tiz wagtdan, ähtimal, geljekki hepdeleriň dowamynda bu maksatnama kanuny taýdan resmileşdirilip, durmuşa geçirilip başlanar diýip umyt edýärin” – diýip, Ekatýahýana aýtdy. Şeýle wizany almagyň anyk şertleri barada heniz maglumat ýok.

“South China Morning Post” gazetiniň habar bermegine görä, şu ýyl Indoneziýa $76,7 mlrd daşary ýurt maýa goýumyny almagy maksat edinýär. Geçen ýyl bu görkeziji $57,6 mlrd boldy. “Ikinji öý wizasyny” girizmek bilen Indoneziýa eýýäm daşary ýurtly maýadarlara aýratyn wiza şertlerini, şol sanda ýurtda birnäçe ýyl ýaşandan soň raýatlyk almaga hukuk berýän şertleri hödürleýän ýurtlaryň hataryna goşular.


24.06.2026 17:10
2.1k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

19.06.2026 19:30
3.7k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

31.05.2026 13:10
8.3k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......