Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyldy

  • 26.10.2022 00:44
  • 30k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen, Bekmyradow Agajan, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

25-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy  hem-de sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda pagta ýygymynyň depginleriniň pesdigini aýdyp, bu ugurdaky işleriň barşyna nägilelik bildirdi hem-de ýol berlen kemçilikleriň gysga wagtda düzedilmegini, bu jogapkärli möwsüme dahylly ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi häkimlerden talap etdi.


04.06.2026 12:34
5.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.8k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.4k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......