Bir güne bir iş ýeterlik. Üstünlik gazanmagyň iň aňsat usuly

  • 25.10.2022 09:12
  • 26k+

Bir bada ýüzlerçe ownuk-uşak hysyrdylara wagtyňyzy hem-de güýjüňizi sarp etmegiň deregine, diňe birje zada — esasy işe ünsüňizi berseňiz, garaşylýan netijäni tiz gazanyp bilersiňiz.

Eýsem, esasy iş diýlende näme göz öňünde tutulýar? Esasy işi nähili kesgitlemeli?
Bu usul amerikaly telekeçi Gari Kelleriň «Has möhüminden başla! Ajaýyp üstünlikleri gazanmagyň geň galdyrýan ýönekeý kanuny» atly  kitabynda maksada ýetmegiň iň ýönekeý, şol bir babatda iň netijeli usullarynyň biri hökmünde teswirlenilýär.
Keller bu kitabynda ululy-kiçili ýüzlerçe etsem-goýsamlaryňyzyň arasyndan has möhümini — haýsy hem bolsa esasy birini saýlap almagy teklip edýär. Işe girişmegi hut häzir etmeli işiňizi saýlap almakdan başlamagy maslahat berýär.
Elmydama özüňizden soraň, has derwaýys meseleleri ileri tutuň, ähli ünsüňizi şol işiňize jemläň, soňra beýleki işleri ähmiýetine hem-de zerurlygyna görä yzygiderli bitirmäge girişiň — Keller bu täri durmuşda üstünlik gazanmagyň domino täsirli usuly diýiň atlandyrýar.
Dominolary ýykyşdyrmak kyn däl. Olary bir hatara düzüp, birinjisini itekleseňiz, beýlekileri hem yzygiderlilikde ýykylyp başlar. Hakyky durmuşda bu biraz çylşyrymlyrak. Sebäbi durmuş biziň öňümizde bir durkunda duranok we ilki bilen nireden başlamalydygyny aýtmaýar. Şeýle-de bolsa üstünlikli adamlar mundan eýýäm habarly. Olar her gün irden işe girişmezden ozal ilkinji nobatda bitirilmeli, ileri tutulmaly ugurlary gaýtadan gözden geçirýärler. Domino täsirini berip biljek has möhüm işi — şol gün bitirilmeli esasy işi saýlap, şony ýykmaga — bitirmäge girişýärler, şeýdibem hemme zady herekete girizýärler.

Eýsem, bu ýörelge üstünlik gazanmaga nähili kömek edýär?
Kelleriň pikiriçe, käbir adamlar başarýan zatlaryna dümtünip oturman, birbada agyrrak görünse-de, hökman bitirilmeli işlere aýratyn uly üns bilen çemeleşýändigi sebäpli beýlekilerden tapawutlylykda has köp gazanmagy hem-de has köp işe hötde gelmegi başarýarlar.
Üstünliklerimiň hem-de şowsuzlyklarymyň taryhyna seredip, täsin bir zadyň üstunden bardym. Bir bada bir işe ünsümi jemlänimde, has köp üstünlik gazanan ekenim. Haçanda şol bir wagtda başga zatlara-da ünsümi sowan gezeklerim, edip oturan işlerimi hem ýabygorly netijeler bilen jemläpdirin. Garaz, bir elde iki garpyz tutmak henizem kyn.
Birnäçe amallary birbada ýerine ýetirjek bolmaklyk, ünsüň dagynyklygy işiň hiline zyýan ýetirýär, nädogry netijä gelmegimize, ýalňyş karar almagymyza, ýalňyşmagymyza hem-de ahyrynda lapykeçlige düşmegimize sebäp bolýar.

Has möhüm işi nädip saýlamaly?
Ilki bilen hut şol wagt özüňiz üçin has möhüm işiň nämedigini kesgitläň. Kelleriň pikiriçe, haýsy işiň has zerurdygyny her kimiň özi has gowy bilýär. Hemişe-de ilkinji nobatda bitirilmeli möhüm zatlar bar, şolaryň içindenem haýsy-da bolsa biri — has möhümidir.
Eger-de muny anyk bilmeýän bolsaňyz, onda siz gazanjak bolýan zadyňyzy bireýýäm gazanan adamlara serediň. Belki olar bu hakda ýazan makalalarynda, kitaplarynda gürrüň berendirler. Beýlekileriň jogaplaryndan ugur alyp, hereket edip bilersiňiz.

1-nji ädim

Öňüňizde maksat goýuň. Arzyly maksada golaýlaşmak üçin näme etmelidigini kesgitläň. Eger öňüňizde uly wezipe goýan bolsaňyz, olary ädimme-ädim bölüşdiriň we her gün diňe birini bitirmegi ýüregiňize düwüň. Diňe birini saýlaň.
Mysal üçin, kitap ýazmak kararyna geldiňiz. Bu siziň esasy üns bermeli we ileri tutýan işiňiz, emma kitap ýazmak hele-müçük aňsat zat däl. Şonuň üçin ony birnäçe ownuk ädimlere bölüň: ilki bir babyny ýazarsyňyz, ony tamamlanyňyzdan soňra indiki babyna geçersiňiz, soňra redaktoryňyz bilen maslahatlaşyp, degerli düzedişleri, üýtgeşmeleri girizersiňiz, soňra neşir-çap işleriniň aýratynlyklaryny neşirýat bilen maslahatlaşarsyňyz.

2-nji ädim
Anyk bir iş üçin anyk bir wagt belläň. Bu döwürde mümkin boldugyndan ähli ünsüňizi diňe şol işe jemläň we başga zatlara güýmenmejek boluň.
Şol işi etmäge höwesiňiz dyňzap duran, şeýle hem işläsiňiz gelýän wagt has öndümli işlärsiňiz. Eliňiz işe barmaýan wagtlary özüňizi nämedir bir zada mejbur edip bilersiňiz öýdemok. Zoraýakdan başyna barlan işiň hili hem pes bolar.

3-nji ädim
Has möhüm meseläni ýerine ýetireniňizden soňra, indiki ädimleriňizi gözden geçiriň. Işleriňizi saldarlaň. Täze möhüm wezipäni saýlaň we bar ünsüňizi şol işi bitirmäge jemläň.

Edilmän galýan işleri näme etmeli?
Has möhüm işlere ünsüňizi jemläniňizde, o diýen ähmiýetli bolmadyk wezipeleri beýleki adamlara ynanyp bilersiňiz, halys zerur bolmasa, olaryň käbirinden bütinleý ýüz öwürseňizem bolar. 
Keller bu babatda Paretonyň kanuny ýatdan çykamazlygy maslahat berýär. Paretonyň kanunyna laýyklykda, eger-de ünsüňizi bir zada jemläp bilseňiz, onda 20% tagalla  80% netije berýär.  Günüň dowamynda has köp zada hötde gelmek hem-de ajaýyp netijeleri gazanmak üçin şol kesgitlän has möhüm 20% işiňize ünsüňizi jemläp bilmek ýeterlikdir.
Siz diňe munuň bilenem çäklenip durmaly däl. Dowam edibermeli. Şu 20%-iň içindenem 20%-ini saýlap bilseňiz, möhüm işleriň içinden has möhümini saýlap bildigiňiz bolar.  Bu ýönekeý bir mesele, ýumuş, wezipe ýa maksat bolsun, tapawudy ýok, esasy zat ilkinji nobatda başyna barmaly has möhüm işiňizi kesgitläp bilýänçäňiz, saklanmaly däldigini,  bitirilmegine garaşýan has ähmiýetli işlere ýoluňyzy arçamaga dowam etmelidigini aňladýar.
Bir günde bar ünsüňizi diňe bir işe gönükdirip bilseňiz, garaşylýan netije hem tüýs göwnelaýyk bolar.

şu gün 12:04
726

Microsoft bir günde bazar bahasyndan 440 milliard dollar ýitirdi

Microsoft kompaniýasynyň kapitalizasiýasy bir söwda gününiň dowamynda 440 milliard dollar pese düşdi. Bu ýagdaý kompaniýanyň taryhynda şeýle uly möçberdäki ikinji pese düşme boldy.   2026-njy maliýe ýylynyň ikinji çärýegi baradaky hasabat çap edilenden soň, aksiýalaryň bahasy 5,37% peseldi...

şu gün 09:16
434

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

şu gün 02:46
1.3k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...

düýn 14:25
2.6k+

SpaceX-iň IPO-syny Maskyň doglan gününe we planetalaryň ýörişine gabatlap geçirjek bolýalar

Financial Times neşiriniň berýän habaryna görä, SpaceX kompaniýasy paýnamalarynyň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegini (IPO) 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ortalaryna geçirmegi meýilleşdirýär. Neşirde bu senäniň saýlanyp alynmagynyň sebäbi şol aýda kärhananyň esaslandyryjysy Ilon Maskyň doglan gününiň, şeýle-de planetalaryň ýörişiniň boljakdygy bilen baglanylýar...