Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda saparda bolar

  • 25.10.2022 08:22
  • 9.9k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Koreýa Respublikasynda saparda bolar. Bu barada 24-nji oktýabrda Seulda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Phýo bilen geçirilen duşuşygynda aýdyldy. Bu maglumaty TDIM-niň Metbugat gullugy ýaýradýar.

Nygtalyşy ýaly, duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygyna gyzgyn salamlaryny ýetirdi. Gepleşikleriň dowamynda ministr Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň adyna ýollan hatyny gowşurdy.
Milli Assambleýanyň Başlygy jogap hatyna çuňňur minnetdarlygyny bildirip, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň köp ugurlar boýunça ösdürilmeginde Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goşandynyň bardygyny aýratyn belledi. Ol şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn wagtda Koreýa Respublikasyna resmi sapar bilen gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny nygtap, saparyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.
Ýeri gelende bellesek, 23-25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynda iş saparynda bolýar.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......