Serdar Berdimuhamedow Balkanda bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşigini synlady

  • 25.10.2022 08:34
  • 34k+

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän deňiz okuw-türgenleşik merkezinde geçirilen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň barşyny synlady.

Ýörite meýilnama laýyklykda, Ýaragly Güýçleriň we beýleki goşunlaryň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny barlamak maksady bilen, söweşjeň taýýarlyga getirilip, bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşigi geçirildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziliniň çäginde goýlan harby tehnikalary, harby söweşjeň uçarlary, dikuçarlary we goşun bölümlerinde üpjünçilik maksady bilen ulanylýan dürli görnüşdäki harby uçarlary, täze gelip gowşan häzirki zaman harby uçarlary synlady. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti dikuçarda howa menzilinden harby okuw-türgenleşigiň geçirilýän ýerine bardy.
Bu ýerde goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa Ýaragly Güýçleriň we beýleki goşunlaryň şahsy düzümleriniň bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşigini geçirmäge taýýardygy barada hasabat berdi.
Harby-okuw meýdan türgenleşigine «Bayraktar TB2» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjamyň ilkinji gezek gatnaşdyrylýandygyny bellemeli. Türgenleşigiň dowamynda bu uçarmansyz uçaryň söweşjeň mümkinçilikleri, onuň howa giňişligindäki hereketleri «TürkmenÄlem 52oE» aragatnaşyk hemrasy arkaly ekrana çykarylýar.
Okuw türgenleşiginde Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmekde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlarynyň düzümleriniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministrlikleriniň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlary deňizde girewine alnan gämini halas etmek boýunça ýörite hereketleri ýerine ýetirýärler. Bellenen wagtda harby we hukuk goraýjy edaralaryň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlary dikuçardan 1500 metr beýiklikden bellenilen nokada paraşýutdan üstünlikli böküş geçirýärler.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň üstünlikli geçmegi mynasybetli guralan dabaraly ýörişi, şeýle-de deňiz okuw-türgenleşik merkeziniň çäginde görkezilýän harby söweşjeň tehnikalaryň dürli görnüşlerini synlady. Şolaryň hatarynda iň täze nusgadaky uçarlar, uçarmansyz uçarlar we beýlekiler bar.


25.04.2026 13:45
15k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......

25.04.2026 13:39
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe etraplaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Mary we Lebap welaýatlarynyň etraplarynyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler hakynda birnäçe Permana gol çekdi....

25.04.2026 10:02
2.7k+

Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda täze önümçilik işe giriziler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Hökümet mejlisiniň dowamynda ýurduň dokma senagaty pudagyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi....

25.04.2026 07:44
3.4k+

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......