“Garri Potteriň” esasyndaky mobil oýunlar döredijilere $1 mlrd girdeji getirdi

  • 24.10.2022 10:23
  • 13k+

“Garri Potter” franşizasyna esaslanýan mobil oýunlar jemi 1 mlrd dollar girdeji getirdi diýip, Sensor Tower analitiki gözlegine salgylanyp, habar berýär. Bu mukdar tutuş dünýä boýunça ulanyjylar tarapyndan tölenildi. Bu barada incrussia.ru belleýär.

Iň girdejili oýun Jam Cit-den “Garri Potter: Hogwartsyň syry” boldy. Programmanyň 2018-nji ýylyň aprel aýynda çykandan bäri girdejisi 400 mln dollardan gowrak boldy. 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan sentýabr aýy aralygynda ol girdejisi boýunça dünýäde 31-nji orny eýeledi - $85,4 mln. Oýun Nexon-yň FIFA Online 4 M we Warner Bros-yň Game of Thrones: Conquest oýnundan öňe geçdi.
Umumy girdejisi boýunça ikinji orunda NetEase-niň “Garri Potter: Jadynyň oýanmagy” oýny ýerleşdi - $358 mln. Häzirki wagtda ol diňe Hytaýda, Taýwanda, Gonkongda we Makaoda elýeterli.
Liderleriň üçlügini Zynga-nyň “Garri Potter: Tapmaçalar we jadylar” oýny jemleýär. Onuň girdejisi $218 mln. “Garri Potter: Jadygöýler birleşýär” oýny pes görkezijiler bilen dördünji orunda ýerleşdi. Niantic studiýasy bary-ýogy $39,6 mln gazandy.
“Garri Potter” oýunlaryna, esasan, amerikaly oýunçylar köp pul harçlaýarlar. Umumy mukdaryň üçden bir bölegi olaryň paýyna düşýär - $374,8 mln. Ikinji orunda $324,3 mln bilen Hytaý ýerleşdi. Liderleriň üçlügini Germaniýa jemleýär. Ol girdejiniň 5%-ini emele getirdi - $51,6 mln.
Ulanyjylar “Garri Pottere” esaslanýan 156 milliondan gowrak mobil oýnuny gurnadylar. Olardan 72 mln ýükleme App Store-yň, 84,5 mln ýükleme Google Play-iň paýyna düşdi. Şol bir wagtyň özünde, Apple ulanyjylary ýüklemeleriň azdygyna garamazdan, has köp girdeji getirdi. Olar 66,6% – $683 mln getirdi. Google Play-iň paýy – 33,4% ýa-da $342,5 mln.

düýn 20:25
2.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......