Mary welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler

  • 23.10.2022 17:26
  • 40k+

TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.

Mejlisiň barşynda Mary welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde geçirilen işleriň netijesinde şu aşakdaky teklipler öňe sürüldi.

Oguzhan, Serhetabat etraplaryny ýatyrmak, Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherini, Döwletli zaman, Parahat şäherçelerini, Altyn zaman, Aýhan, Daghan, Gökhan, Günhan, Merdana, Ýyldyzhan geňeşliklerini Sakarçäge etrabynyň düzümine geçirmek; Deňizhan, Oguzhan şäherçelerini, Deňizhan, Dostluk geňeşliklerini Murgap etrabynyň düzümine geçirmek; Serhetabat etrabynyň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Tagtabazar etrabynyň düzümine geçirmek teklip edilýär.
Şeýle hem iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek, Geňeşleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Baýramaly etrabynyň Şapak geňeşligini ýatyryp, onuň Türkmenistan obasyny Azat geňeşliginiň düzümine geçirmek; Murgap etrabynyň Birleşik geňeşligini ýatyryp, onuň Birleşik obasyny Suhty geňeşliginiň düzümine geçirmek; Suhtyýap geňeşligini ýatyryp, onuň Suhtyýap obasyny Gatyýap geňeşliginiň düzümine geçirmek; Oguzhan etrabynyň Aýhan, Daghan, Günhan geňeşliklerini ýatyryp, olaryň Aýhan, Daghan we Günhan obalaryny Gökhan geňeşliginiň düzümine geçirmek; Mary etrabynyň Parahat geňeşligini ýatyryp, onuň Akgoňur obasyny Abadanlyk geňeşliginiň düzümine geçirmek; Milli goşun geňeşligini ýatyryp, onuň Mawyteber obasyny Gyzylgum geňeşliginiň düzümine hem-de Gurtzäkir obasyny A.Mämmedowa adyndaky geňeşligiň düzümine geçirmek; Mülkburkaz geňeşligini ýatyryp, onuň Mülkburkaz, Soltanyz we Ýolly obalaryny Mary şäherine birleşdirmek; Wekilbazar etrabynyň Mary şäherine ýanaşyk ýerleriniň bir bölegini Mary şäherine bermek teklip edilýär.
Şeýle hem käbir obalaryň ýanaşyk şäherlere we obalara birigen bölegini birleşdirmek bilen, Türkmengala etrabynyň Kemine geňeşliginiň Täzebirleşik obasyny Kemine obasyna birleşdirmek; Soltanýap geňeşliginiň Sarygoba obasyny Ýyldyz obasyna birleşdirmek; Ýolöten etrabynyň Baýraç geňeşliginiň Garaboragan, Sytdyh obalaryny bu geňeşligiň edara ediş merkezi bolan Janybek obasyna birleşdirmek; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ýolöten ylmy-önümçilik synag merkeziniň ýaşaýyş jaý toplumyny Ýolöten şäherine birleşdirmek; Hakykat geňeşliginiň Gyzylýap obasyny Hakykat obasyna birleşdirmek; Soltanbent geňeşliginiň Täzedaýhan we Gyzyl obalaryny degişlilikde Dostluk obasyna hem-de Soltanbent obasyna birleşdirmek, şeýle hem Mary we Tagtabazar etraplarynda ýörite ýer gaznalarynyň çäginde dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermek hem-de olara Aköýli, Akgaýa atlaryny dakmak teklip edilýär.
Şeýlelikde, Mary welaýatynyň çäginde Baýramaly, Garagum, Mary, Murgap, Sakarçäge, Türkmengala, Tagtabazar, Wekilbazar we Ýolöten etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 2-sini, etraplaryň 6-syndaky şäherleri, 14 şäherçäni, 134 sany geňeşligi we 321 obany galdyrmak kararyna gelindi.


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......