BMW elektriki Mini-leriň önümçiligini Beýik Britaniýadan Hytaýa geçirer

  • 19.10.2022 14:19
  • 10k+

Germaniýanyň Bayerische Motoren Werke AG (BMW) kompaniýasy Beýik Britaniýada Mini awtoulaglarynyň elektriki wersiýasynyň önümçiligini ýapyp, ony Hytaýa geçirmegi meýilleşdirýär.

Bu Beýik Britaniýanyň ekologiýa taýdan arassa awtoulaglary öndürýän global merkeze öwrülmek babatyndaky umydyna çynlakaý zarba urýar diýip, Times ýazýar.
Oksfordyň eteginde ýerleşen kärhanada elektromobilleri öndürmeklik, 2024-nji ýyldan başlap ulag öndürijiniň model hataryny üýtgetmek baradaky meýilnamalaryň çäklerinde, indiki ýyl bes ediler diýip, BMW mälim edýär. Zawodyň kuwwaty - ýylda 40 müň elektriki Mini.
BMW-niň  Hytaýyň Great Wall Motor bilen bilelikdäki kärhanasy kompaniýa gündogar Hytaýda hetçbekleri we kiçeňräk wnedorožnikleri , şeýle-de Mini Aceman-nyň howany hiç hili hapalamaýan indiki neslini goýbermäge mümkinçilik berer. 
Şonuň ýaly-da, BMW Countryman-nyň täze elektriki wersiýasy - Mini-niň model hataryndaky iň uly awtoulag - Leýpsigiň zawodynda öndüriler. 
Benzin bilen işleýän Mini Coopers ABŞ, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň bazarlaryna eksport etmek üçin üç gapyly, bäş gapyly we kabriolet wariantlarynda Oksfordda öndüriler. Şonuň bilen birlikde BMW 2030-njy ýyla çenli içinden ýandyrylýan hereketlendirijili Mini-niň önümçiligini saklajakdygyny tassyklady.  


18.06.2026 10:58
3.6k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

16.06.2026 07:52
4.1k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......