Samsung kompaniýasy «akylly ýüzük» çykarar

  • 19.10.2022 13:57
  • 22k+

Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy ne Apple-de, ne-de beýleki iri elektron öndürijilerinde ýok bolan gajeti işläp taýýarlap başlady. Naver portalynyň habar berşi ýaly, wendor saglygyň görkezijilerine gözegçilik edýän «akylly ýüzügi» öndürmegi meýilleşdirýär.

Portalyň maglumatlaryna görä, koreý IT-ägirdi eýýäm «akylly ýüzügi» işläp taýýarlamaga girişdi. Samsung-yň oktýabr aýynda şonuň ýaly gurluş bilen bagly patent üçin sargytnama berendigini çeşmeler görkezýärler.
«Akylly ýüzükler» — elektronikanyň täze görnüşi däl, munuň ýaly gajetler bazarda bireýýäm bar, ýöne häzirlikçe olaryň görnüşi köp däl, olary o diýen meşhur däl kompaniýalar öndürýär.
Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, ýüzüklere azyndan iki sany ýörite datçik oturdylan. Olar eýesine ýürek urgusynyň görkezijisini, EKG-ni we ganyň kislorod bilen doýgunlygynyň derejesini surata düşürmäge mümkinçilik berer. Smartfon-ýüzügi Samsung-yň takmynan haçan goýbermek isleýändigi barada portalda heniz maglumat ýok.


düýn 10:51
863

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......