Bill Geýtsiň gaznasy poliomiýelite garşy göreş üçin «Talibanlar» bilen hyzmatdaşlyk edip başlady

  • 19.10.2022 07:46
  • 18k+

Bill we Melinda Geýtsiň haýyr-sahawat işi bilen meşgullanýan gaznasy «Taliban» hereketiniň wagtlaýyn hökümeti bilen bilelikde Owganystanda poliomiýelite garşy göreşmek işini alyp barýar. Bu barada amerikan işewüriniň The Daily Telegraph britan gazetiniň saýtynda çap edilen interwýusynda habar berilýär.  

Gaznanyň hyzmatdaşlary talibanlar bilen Katarda duşuşdylar diýip, Geýts gürrüň berdi, ýöne, ABŞ-nyň hereketiň garşysyna goýan sanksiýalaryny nazara almak bilen, munuň ýaly gatnaşyklary "juda çylşyrymly ýagdaýlar" diýip häsiýetlendirdi we  jikme-jikliklere berlip durmady. "Talibanlaryň" wekilleri bilen onuň özüniň duşuşmaga taýýardygy-däldigi soralanda, işewür göni jogap bermekden saklandy.

"Dogrusy, bu tema gizlin häsiýete eýemikä ýa dälmi, men bilemok. Poliomiýeliti  ýok etmek boýunça kampaniýa köp kömek ederdim. Gaznanyň esasy artykmaçlygy şundan ybarat" - diýip, ol nygtady.

Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy bütin dünýäde poliomiýelite garşy göreşmek üçin goşmaça 1,2 mlrd dollaryň bölünip berlendigini mälim etdi. 2007-nji ýyldan bäri onuň haýyr-sahawat gaznasy  bu maksat üçin jemi 5 mlrd dollar goýberdi.


düýn 07:29
2.8k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.2k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......