Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

  • 18.10.2022 16:57
  • 7.1k+

Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa boýunça Strategiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” görnüşindäki hyzmatdaşlyga taýýardygyna ýokary baha berýär hem-de bu görnüşde netijeli pikir alyşmalara garaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna iberen gutlag hatynda Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel ýazýar.

Hususan-da, hatda: "Ýewropa Bileleşigi uzak möhletleýin hyzmatdaş hökmünde syýasy gepleşikler, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn taslamalar arkaly Siziň ýurduňyz bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyr. Noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek “ýaşyl” energetika hem-de metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça bilelikdäki maslahat Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň subutnamasy bolar. Biziň dialogymyzyň, şol sanda adam hukuklary boýunça gatnaşyklarymyzyň we hyzmatdaşlygymyzyň Türkmenistanyň mundan beýläkki ösüşine, ýurduňyzyň ähli raýatlarynyň ykdysady, durmuş mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna ýardam berjekdigine tüýs ýürekden umyt edýärin" diýlip bellenilýär.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

09.05.2026 15:30
2.5k+

Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmegi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Roksana Mynzatu Ýewropa Bileleşiginiň  taryhynda ilkinji gezek taýýarlanan ýörite strategiýa arkaly 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmek isleýändiklerini mälim......

02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.8k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......