Singapuryň jemi içerki önümi ýylyň III çärýeginde 4,4% ösdi

  • 16.10.2022 09:21
  • 6.9k+

Singapuryň ykdysadyýeti 2022-nji ýylyň III çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,4% ýokarlandy diýip, ýurduň ýerli Söwda we senagat ministrligi habar berdi. 

Ondan öňki çärýekde JIÖ-iň ösüşi 4,5% bolupdy.
Trading Economics-iň pikir soraşan analitikleri ortaça 3,4% ösüşe garaşypdylar.
Senagat sektoryndaky ösüş, elektronika we himiýa önümleriniň önümçiligindäki pese gaçyş wagtynda, aprel-iýun aýlaryndaky 5,7% bilen deňeşdirilende, ep-esli haýallap, geçen çärýekde 1,5% boldy. Ikinji çärýekde gurluşyk sektory 1,5% bolanlygyndan 3,9%-e çenli, hyzmatlar ulgamy - 4,8% bolanlygyndan 6,1%-e çenli ösüşini çaltlandyrdy. 
Öňki çärýege çenli Singapuryň JIÖ-i ondan öňki çärýekde 0,2 peselenden soň, 1,5% galdy. Şeýlelik bilen, ýurduň ykdysadyýetine yzly-yzyna iki çärýegiň jemi boýunça JIÖ-iň pese düşmegi bilen kesgitlenýän resessiýadan gutulmak başartdy. 
Puluň hümmetiniň pese gaçmagy,  göterim stawkalarynyň  ýokarlanmagy we daşarky islegiň gowşamagy sebäpli,   2022-nji ýylda garaşylan 3-5%-iň deregine ykdysadyýet 3-4% çäklerde ýokarlanar diýip, ýurduň hökümeti  çaklaýar.


şu gün 11:05
1.1k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 08:04
6.5k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

24.06.2026 16:45
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......