Ýaponiýanyň Epsilon raketasy orbita çykyp bilmedi we ýok edildi

  • 13.10.2022 17:55
  • 14k+

Ýaponiýanyň Aerokosmiki gözlegler agentligi (JAXA) çarşenbe güni uçurylan bortunda sekiz hemra bolan Epsilon raketa göterijisini uzak aralykdan ýok etmeli boldy. Bu barada JAXA-nyň wekili aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Utinoura kosmodromyndan uçurylyşyň ýaýlymy bes edildi, onuň ýazgysy bolsa agentligiň YouTube-daky resmi kanalyndan aýryldy. Resmi taýdan raketany ýok etmegiň sebäpleri barada heniz habar berilmedi.
Epsilon sekiz hemrany, şol sanda innowasion tehnologiýalar synagdan geçirilende ulanylmaly 110 kg agramly RAISE-3 enjamyny orbita çykarmalydy.
2013-nji ýyldan bäri JAXA bäş gezek Epsilon-yň üstünlikli uçurylyşyny amala aşyrdy, bu şeýle görnüşli ýapon göterijisiniň ilkinji şowsuzlygydyr. Epsilon seriýasynyň gaty ýangyçda işleýän üç basgançakly raketasy JAXA tarapyndan IHI awiagurluşyk korporasiýasy bilen bilelikde işlenip düzüldi.


08.06.2026 16:26
5.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

31.05.2026 13:26
1.8k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....

21.05.2026 12:07
3.4k+

Genetikler ýaponlaryň gelip çykyşynyň täze şahasyny tapdylar

Ýaponiýanyň RIKEN institutynyň alymlary ýurduň ilatynyň iň uly göwrümli genom seljermesini geçirip, häzirki zaman ýaponlarynyň ozal çaklanylyşy ýaly iki däl-de, eýsem üç sany nesil toparyndan gelip çykandygy......