Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» eseriniň täze jildi çapdan çykdy

  • 11.10.2022 12:35
  • 7.2k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp ýyllyk ylmy-ensiklopedik işi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly eseriniň XIV jildi çapdan çykdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň 10-njy oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berildi.

Kitabyň täze jildinde türkmen topragynda ösýän 118 sany dermanlyk ösümlikleri barada doly we düýpli maglumatlar berilýär.
Alym Arkadagymyz kitabynyň girişinde türkmen topragyndaky ösýän 2000-den gowrak dermanlyk ösümlikleriniň halk lukmançylygynda ulanylýandygyny, olaryň 500-den köpräginiň Türkmenistanyň florasynyň endemikleri hasaplanylýandygyny belleýär. Şonuň üçin Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini göz öňünde tutup, olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge hut mynasyp diýip hasaplaýandygy baradaky pikirini öňe sürýär.
Täze kitap lukmançylyk hünär ugurlary boýunça okaýan talyp ýaşlara kämil bilim bermekde, olary ylma ugrukdyrmakda hem uly ähmiýete eýedir. Ol lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösmegine hem kämilleşmegine goşan nobatdaky ägirt uly goşandydyr.


09.06.2026 23:14
6.1k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....