Maks Werstappen “Formula-1-iň” iki gezek çempiony boldy

  • 10.10.2022 12:19
  • 4.2k+

“Red Bulluň” sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň iki gezek ýeňijisi boldy. Eger-de niderlandiýaly birinji titulyny soňky ýaryşyň soňky aýlawynda gazanan bolsa, ikinjisini möwsümiň gutarmagyna dört tapgyr galanda gazandy.

Möhletinden irki çempionlyk üçin 25 ýaşly Werstappen Ýaponiýada “Ferrariniň” sürüjisi Şarl Leklerden sekiz utuk we topardaşy Serhio Peresden alty utuk köp gazanmalydy. Saýlama tapgyrynda ýeňiş gazanan niderlandiýaly ýaryşa şowly başlady we ýaryşyň başynda birinji orny saklady. Ýöne birnäçe minutdan soň ýaryş ýaramaz howa şertleri sebäpli togtadyldy. Ilkibaşda sürüjiler 53 aýlawy geçmelidiler, ahyrynda 28-nji aýlawdan soň ýaryşy tamamladylar.
Werstappen birinji orny saklady, ýöne iň çalt aýlawy görkezip we goşmaça utuk gazanyp bilmedi. Ikinji bolup pellehana Lekler, üçünji bolup Peres geldi.
Werstappen umumy sanawda 366 utuk gazanyp, 253 utuk bilen ikinji orny eýeleýän Peres üçin yzyndan ýetdirmez boldy. Üçünji orunda Lekler ýerleşýär (252). “Red Bull” toparynyň sürüjisi altynjy gezek dünýä çempiony boldy, 2010-njy ýyldan 2013-nji ýyl aralygynda topara tituly germaniýaly Sebastýan Fettel getirdi. Konstruktorlaryň kubogynda “Red Bull” öňdebaryjy (619 utuk), ikinji orny “Ferrari” (454), üçünji orny “Mersedes” eýeleýär (387).


19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....