Google-a Samsung ýaly smartfon satmak üçin 60 ýyl gerek bolar

  • 09.10.2022 11:12
  • 17k+

Şeýle gyzykly derňewi IDC analitiki portal geçirdi. Hünärmenler Google-iň Samsung-dan has az smartfon satýandygyny anykladylar. Bu tapawudy ýüze çykarmak üçin, olar ýyllarda satylan smartfonlary hasaplamaga girişdiler.

IDC-niň maglumatlaryna görä, 2016-njy ýylda ilkinji Pixel-iň relizinden bäri Google 27,6 mln gurluş satdy. Deňeşdirmek üçin, Samsung 2021-nji ýylda 270 mln smartfon satdy. Ýagny, alty ýylyň içinde Google Samsung-yň bir ýylda satanyndan hem on esse az smartfon satdy. Ýönekeý matematika Google kompaniýasyna Samsung-yň bir ýyldaky satuw möçberine ýetmegi üçin 60 ýyl gerek boljakdygyny görkezýär.

Sanlaryň Pixel smartfonlarynyň satuwynyň gowşakdygyny görkezýändigine garamazdan, Google muňa aýratyn ähmiýet bermeýär. Kompaniýa Pixel taslamasyny ýapmaýar-da, tersine, özüniň smartfon bölümçesini ösdürmäge çalyşýar.


düýn 20:25
2.3k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......