TRT:​ ​Türkiýäniň harby gullukçylary Katardaky DÇ-2022-de howpsuzlygy üpjün ederler

  • 09.10.2022 07:23
  • 19k+

Türkiýäniň parlamenti Katardaky “Dünýä çempionatynyň galkany” operasiýasynyň çäklerinde ýurduň harby kontingentiniň alty aýlyk missiýasy baradaky kanun taslamasyny tassyklady. Ol Türkiýäniň harby gullukçylarynyň 20-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda Katarda geçiriljek 2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işlere gatnaşmagyny göz öňünde tutýar diýip, TRT teleýaýlymy habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Missiýa Kataryň häkimiýetleriniň Türkiýä ýüz tutmagy esasynda ýerine ýetiriler. “Türkiýe bilen Kataryň arasyndaky taryhy, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary, iki ýurduň syýasy, ykdysady, harby we beýleki ugurlardaky ýakyn hyzmatdaşlygyny, şeýle-de Pars aýlagynyň sebitiniň durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň tutuş sebit üçin möhümligini göz öňünde tutup, Kataryň hökümetiniň haýyşyna oňyn jogap bermek maksadalaýyk hasaplandy” – diýlip, parlamentiň çözgüdinde aýdylýar.

Öň, Türkiýäniň Katara sport obýektleriniň we myhmanhanalaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde kömek bermek üçin 3 müň töweregi polisiýa işgärini, 100 sany ýörite güýçleriň işgärini, partlaýjy maddalar boýunça 50 hünärmeni we 80 sany gulluk itini iberjekdigi habar berildi.


düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......