Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy

  • 08.10.2022 22:05
  • 12k+

2022-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy belarusly aklawçy we aktiwist Ales Belýaskiýe, kazyýetiň karary bilen ýatyrylan “Memorial” rus merkezine we Ukrainanyň Raýat azatlyklary merkezine berildi. Bu barada Norwegiýanyň Nobel komiteti habar berdi diýip, TASS belleýär.

Komitetiň belleýşi ýaly, baýrak “öz ýurtlarynda raýat jemgyýetini görkezendikleri üçin” berilýär. Olar “häkimiýetleri tankytlamak we raýatlaryň esasy hukuklaryny goramak hukugyny öňe sürdüler”.
Laureatlar “parahatçylyk we demokratiýa üçin raýat jemgyýetiniň ähmiýetini görkezýärler” diýip, komitet belleýär.
Şeýle-de, gelnen netije Norwegiýanyň Nobel komitetiniň “adam hukuklary, demokratiýa we goňşy döwletleriň – Belarusyň, Russiýanyň we Ukrainanyň parahatçylykly ýaşaşmagy üçin üç görnükli söweşijini” bellemek isleýändigi bilen düşündirilýär. Şu ýylyň laureatlary öz tagallalary bilen adam gymmatlyklarynyň, antimilitarizmiň we kanunylyk ýörelgeleriniň hatyrasyna Alfred Nobeliň parahatçylyk we halklaryň doganlygy baradaky düşünjesini – häzirki wagtda dünýäde has gerekli bolan düşünjäni gaýtadan janlandyrdylar we hormatladylar.
Belýaskiý – belarusly aktiwist, Belarusyň häkimiýetleri tarapyndan bellige alynmadyk “Wesna” hukuk goraýjy merkeziniň başlygy. Ol bu merkezi 1996-njy ýylda esaslandyrdy, 2007 – 2016-njy ýyllarda Adam hukuklary üçin halkara federasiýasynyň wise-prezidenti boldy.
Ukrainanyň “Raýat azatlyklary merkezi” jemgyýetçilik guramasy 2007-nji ýylda döredildi. Onuň wekilleriniň nygtamagyna görä, onuň wezipesi “adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakdan”, şeýle-de respublikada “demokratiýany öňe sürmekden” ybarat.


28.01.2026 09:50
2.2k+

Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň «Klara we Güneş» romany ekrana geçirilýär

Režissýor Taýka Waýtiti özüniň «Klara we Güneş» («Клара и Солнце») atly ylmy-fantastiki dramasynyň ýakyn wagtda ekranlara çykjakdygyny mälim etdi. Bu film Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň adybir romany esasynda surata düşürildi...

20.01.2026 10:59
2.5k+

Stokgolmda Nobel merkezi gurlar

Stokgolmda Nobel merkeziniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Taslama Germaniýanyň David Chipperfield Architects binagärlik studiýasy tarapyndan Şwesiýanyň Sweco Architects kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy...

09.10.2025 18:33
2.6k+

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai boldy

Nobel komiteti 2025-nji ýylyň edebiýat boýunça baýragynyň eýesini yglan etdi. Baýragy “apokaliptik elhençligiň möwjän döwründe sungatyň güýjüni tassyklaýan täsirli we öňdengörüjilikli döredijiligi üçin” wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai aldy...

04.02.2025 19:55
4.6k+

2025-nji ýylyň Nobel baýragynyň eýeleriniň yglan ediljek senesi aýdyldy

2025-nji ýylyň Nobel baýraklarynyň laureatlarynyň atlary 6 – 13-nji oktýabrda Stokgolmda we Osloda yglan ediler. Bu barada Nobel gaznasynyň metbugat relizinde habar berilýär. Karolinska institutynyň ýanyndaky Nobel...