Nestle kofe plantasiýalaryny halas etmeklige 1 mlrd dollar harçlar

  • 07.10.2022 15:24
  • 13k+

Dünýäde iýmit önümlerini öndürýän iň iri kompaniýa bolan Nestle SA kofe industriýasyny durnukly ösdürmek ulgamyndaky başlangyçlary maliýeleşdirmäge 1 mlrd şweýsar frankyny (1,01 mlrd dollar) gönükdirer.

Kompaniýa NESCAFE Plan 2030 maksatnamasyny işe girizendigini mälim etdi. Bu maksatnama regeneratiw oba hojalygyny ösdürmäge, zyýanly zyňyndylary azaltmaga we fermerleriň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga hemaýat bermekligi göz öňünde tutýar. 
Maksatnamanyň çäklerinde Nestle fermerleri okadar we tehniki goldaw berer, şeýle hem olara regeneratiw oba hojalygynyň amalyýetine geçmekde kömek bermek üçin hojalygy iň gowy kofe nahallary bilen üpjün eder.  Gürrüň Braziliýadaky, Wýetnamdaky, Meksikadaky, Kolumbiýadaky, Kot-d Iwuardaky, Indoneziýadaky we Gondurasdaky fermerler hakynda barýar. Kompaniýa kofeniň 90%-ni şu ýurtlardan satyn alýar. Nestle 2025-nji ýyla çenli özüniň ähli satyn alýan kofeleriniň durnukly ösüşiň ýörelgelerine laýyklykda öndürilmegini gazanmagy öz öňünde maksat edip goýýar. 
Ondan hem başga, kompaniýa özünuiň satyn alýan kofesiniň 2025-nji ýyla çenli  20%-niň, 2030-njy ýyla çenli bolsa 50%-niň ösdürip ýetişdirmegiň regeneratiw usulynyň hasabyna öndürilmegine umyt baglaýar.
2022-nji ýylyň başyndan bäri Nestle-niň kapitalizasiýasy 16% peseldi.   

düýn 20:25
2.3k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......