Toyota Rav4-iň täze wersiýasy tanyşdyryldy

  • 07.10.2022 07:39
  • 15k+

Toyota Rav4 krossoweriniň täze wersiýasy ýapon bazaryna hödürlendi, ol Adventure Offroad package II diýip atlandyryldy. Krossower kuzowynyň ýolsuz ýerde sürülýän ulaglara häsiýetli bolan çyzylmakdan, gopmakdan  we beýleki zatlardan goraýan ýörite tutuksy reňklere boýalan gara bölekleri bilen tapawutlanýar.

Şeýle örtük onuň öňki bamperinde, gapdal aýnalarynyň korpuslarynda, tigir arkolaryny giňeldijilerde, üçeginde we bagaž reýlinglerinde bar. Bu bölekleriň ählisi ýörite Gori Gori Black reňki bilen reňklenen. Ol reňk çarkandakly ýollarda çyzylmakdan we daşky gurşaw bilen ýeňil galtaşmalardan goraýar.
Şonuň bilen birlikde Toyota modeliň enjamlaşdyrylyşyny gowulandyrdy: ştatdaky multimedia toplumy Wi-Fi-ýa çatmaga hyzmat edip biljek 10,5 dýuýma çenli ulaldylan ekrana eýe boldy, Toyota Safety Sense howpsuzlyk ulgamynyň toplumy bolsa ulag saga, çepe öwrülende ýoldan geçip barýan pyýadalary tanaýar we olar gabat gelende awtomatik usulda gyssagly tormoz berilmegine gatnaşýar.
Ýaponiýada Toyota Rav4 Adventure Offroad package II-iň bahasy 27 müň dollardan 31 müň dollara çenli aralykda.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......