BAE-de syýahatçylyk wizalarynyň hereket ediş möhleti uzaldyldy

  • 07.10.2022 07:36
  • 14k+

3-nji oktýabrdan başlap, BAE-de wizalaryň berliş düzgüni üýtgedi diýip, «Al-Ittihad» gazeti ýazýar.

Ýurduň hökümeti daşary ýurtlularyň, şol sanda talyplaryň, syýahatçylaryň we iş gözleýän hünärmenleriň durmuşyny ýeňilleşdirmek maksady bilen düzgüne üýtgeşme girizdiler.
Şeýlelikde, standart syýahatçylyk wizalarynyň hereket ediş möhleti 30 günden 60 güne çenli uzaldyldy. Mundan hem başga, ýurduň wezipeli adamlary myhmanlara BAE-ne köp gezeklik gelmäge we ol ýerde ýylda 180 gün ýa-da yzygider 90 günläp bolmaga mümkinçilik berýän bäş ýyllyk rugsatnama berip başladylar.
Dünýäniň 500 sany iň gowy ýokary okuw mekdebiniň ýaş uçurymlary, şeýle-de ýokary derejeli hünärmenler indi iş gözlemek üçin aýratyn giriş wizasyny resmileşdirip bilerler. Olara öňünden onuň iş wariantyny almak zerur däl.


şu gün 09:50
2.4k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
4.4k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
5k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.9k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......