Audi bahasy 225 müň ýewro durýan 620-güýçli sportkar bilen tanyşdyrdy

  • 07.10.2022 07:32
  • 10k+

Audi kompaniýasy yzy priwodly Audi R8 RWD Performance sportkarynyň ekstremal modifikasiýasy bilen tanyşdyrdy. Täze ulag R8 GT diýip atlandyryldy we ol 333 sany çäkli nusgada goýberiler. Ulagyň bahasy 225 müň ýewrodan başlaýar. Awtoulag indiki ýyl satuwa çykar.

Täze ulag ugleplastikden edilen haýbatly obwese, uly antikrylo, keramiki tormoza we 20 dýuýmlyk teker disklerine eýe boldy. Şeýle-de ulagy giň relýefli kapot, dar swetodiod optikasy bilen enjamlaşdyrdylar, salonynda bolsa susak şekilli sport oturgyçlaryny gurnadylar.Sportkaryň diňe tutuksy çal, çal ýa-da doýgun gyzyl metallik reňklerini sargyt edip bolýar. Awtoulagyň agramy 1570 kg. Täze ulagy kuwwaty 620 at güýjüne deň bolan 5,2 litrlik V10 benzin hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrdylar. Agregat ýedi basgançakly "robot" bilen bilelikde işleýär. 3,4 sekuntda "ýüzlüge" çenli bat alýar. Aňrybaş tizligi 320 km/s.
Mundan hem başga, täze ulagda ýörite drift-režim peýda boldy. Ony destdäki düwmäniň kömegi bilen işledip bolýar.


25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

09.05.2026 13:31
2.4k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.7k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......