Edebiýat boýunça Nobel baýragyny fransiýaly ýazyjy Anni Erno aldy

  • 06.10.2022 21:51
  • 5.3k+

2022-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragy fransiýaly ýazyjy Anni Erno berildi. Bu barada Şwesiýa akademiýasynyň Nobel komiteti yglan etdi diýip, TASS habar berýär.

Anni Erno “şahsy ýatlamalarynyň gözbaşyny, üzňeligini we kollektiw çarçuwasyny açyp görkezmekde batyrgaýlygy, hirurgiki takyklygy üçin laureat boldy” diýip, komitet belleýär.
Komitetiň belleýşi ýaly, özüniň döredijiliginde Anni Erno gender, dil we synpy aýratynlyklary bilen tapawutlanan durmuşy tutanýerlilik bilen we dürli tarapdan öwrenýär”. Onuň ýazyjylyga tarap ýoly uzak we kyn boldy diýip, hünärmenler nygtaýar.

“Bu geň galdyryjy bolup bilmez, ol edebiýat dünýäsinde tanymal we onuň edebiýaty köp dillere terjime edildi” – diýip, Nobel komitetiniň başlygy Anders Ulsson teswir berdi.

Ýazyjynyň özi Es-we-te teleýaýlymyna telefon arkaly beren interwýusynda baýragy almak üçin Stokgolma gelýändigi ýa-da ýokdugy baradaky soraga “Hawa, elbetde! Men örän geň galdym. Bu uly hormat we uly jogapkärçilik” diýip, buýsançly jogap berdi.


28.01.2026 09:50
2.2k+

Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň «Klara we Güneş» romany ekrana geçirilýär

Režissýor Taýka Waýtiti özüniň «Klara we Güneş» («Клара и Солнце») atly ylmy-fantastiki dramasynyň ýakyn wagtda ekranlara çykjakdygyny mälim etdi. Bu film Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň adybir romany esasynda surata düşürildi...

20.01.2026 10:59
2.5k+

Stokgolmda Nobel merkezi gurlar

Stokgolmda Nobel merkeziniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Taslama Germaniýanyň David Chipperfield Architects binagärlik studiýasy tarapyndan Şwesiýanyň Sweco Architects kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy...

09.10.2025 18:33
2.6k+

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai boldy

Nobel komiteti 2025-nji ýylyň edebiýat boýunça baýragynyň eýesini yglan etdi. Baýragy “apokaliptik elhençligiň möwjän döwründe sungatyň güýjüni tassyklaýan täsirli we öňdengörüjilikli döredijiligi üçin” wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai aldy...

04.02.2025 19:55
4.6k+

2025-nji ýylyň Nobel baýragynyň eýeleriniň yglan ediljek senesi aýdyldy

2025-nji ýylyň Nobel baýraklarynyň laureatlarynyň atlary 6 – 13-nji oktýabrda Stokgolmda we Osloda yglan ediler. Bu barada Nobel gaznasynyň metbugat relizinde habar berilýär. Karolinska institutynyň ýanyndaky Nobel...