Serdar Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýdy

  • 06.10.2022 18:02
  • 10k+

Şu gün ― Hatyra gününde türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatlaýarlar. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin «Ruhy tagzym» ýadygärligine, faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de Watanymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärlikleriniň etegine gül çemenini goýdy.

Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, Milli Geňeşiň palatalarynyň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gül desselerini goýdular. Olara syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşululardyr talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem goşuldylar.

1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijedäki elhenç tebigy betbagtçylyk bir pursadyň içinde Aşgabady we onuň töwereklerini weýran etdi, ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesip, maşgalalara öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi. Bu gün halkymyz Watanymyzyň Garaşsyzlygy ugrundaky göreşde duşmanyň agdyklyk edýän güýjüne mertlerçe gaýtawul beren merdana esgerlerimiziň gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýär. Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda gaýtalanmajak mertlik, harby borja ygrarlylyk, mähriban topragymyza çäksiz söýgi görkezdiler.

Soňra «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny we söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary ýatlap, sadaka berildi.​


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......