Messi Çempionlar ligasynyň rekordyny täzeledi

  • 06.10.2022 10:23
  • 22k+

«Pari Sen-Žermeniň» argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň üçünji duşuşygynda «Benfika» garşy oýunda gol geçirdi.

Argentinaly oýunçy taryhda ilkinji bolup, 40 dürli klubuň derwezesinden gol geçirdi. Bu görkeziji babatda ikinji ýerde portugaliýaly Kriştianu Ronaldu durýar (38 klub).
Messi Çempionlar ligasynda gollarynyň sany boýunça taryhda ikinji ýerde ýerleşýär. Messi 159 oýunda 127 gol geçirdi. Bu görkeziji babatda birinji ýer Ronaldu degişli. Ol 183 oýunda 140 gol geçirdi. Üçünji ýerde Lewandowski — 108 oýunda 89 gol, dördünji Benzema — 143 oýunda 86 gol.
«Бефника» — ПСЖ duşuşygy 1:1 hasabynda tamamlandy.


düýn 13:51
9.1k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
8.2k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......