Serdar Berdimuhamedow Emomali Rahmony 70 ýaş ýubileýi bilen gutlady

  • 06.10.2022 00:03
  • 7.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanynyň gutlag hatynda: “Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Täjigistan Respublikasy raýatlarynyň abadançylygyny we halkara giňişlikde ýurduň abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Şunuň bilen birlikde, Täjigistanyň sebitde hem, onuň çäklerinden daşarda hem eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygy bellenilmäge mynasypdyr”  diýlip nygtalýar.
Täjigistan Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklara uly üns berýändigini belläp, hormatly Prezident Türkmenistanyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. “Ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak boýunça teklipdir başlangyçlary goldaýarys, dostlukly gatnaşyklarymyzy ösdürmäge Siziň aýratyn üns berýändigiňizi hem-de ägirt uly goşant goşýandygyňyzy aýratyn bellemek isleýärin” diýip, döwlet Baştutany hatynda belledi. 


20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
5.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......