Google Hytaýda Google Translate hyzmatynyň işini bes etdi

  • 05.10.2022 10:39
  • 5.8k+

Google kompaniýasy “pes ulanylyş derejesine” salgylanyp, Hytaýda Google Translate terjime hyzmatynyň işini bes etdi diýip, Interfax.ru habar berýär.

Google geçen birnäçe ýylda ýokary bäsdeşligiň, düzgünleşdirmäniň berkemeginiň we internetdäki berk senzuranyň esasynda Hytaýyň bazaryndan giden ençeme amerikan internet kompaniýalarynyň göreldesine eýerdi diýip, “The Wall Street Journal” ýazýar. Mundan başga-da, Hytaýda soňky ýyllar daşary ýurtly terjime hyzmatlary bilen bäsleşip biljek hususy terjime hyzmatlary işjeň ýagdaýda ösýär.
2010-njy ýylda Google ýurtda gözleg ýüz tutmalaryny senzura sezewar etmekden ýüz öwrüp, öz gözleg hyzmatyny Hytaýdan çykardy. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa 2017-nji ýylda hytaýly ulanyjylar üçin Google Translate-iň täzelenen wersiýasyny işe girizip, Hytaý bazaryndaky ornuny giňeltmäge çalyşdy.
Şeýle-de, kompaniýa Pekindäki emeli intellekti öwreniş merkezini dolandyrýardy, ýöne ony 2019-njy ýylda ýapyp, HHR-de bu ugurdan indi gözleg geçirmeýändigini habar berdi.
Google häzirem Hytaýda meşhur brauzer hasaplanýan Chrome ýaly çäkli mukdarda hyzmatlary hödürleýär.


04.06.2026 18:42
5.4k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

03.06.2026 18:12
6.5k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

27.05.2026 10:41
3.1k+

Hytaýda garry adamlaryň sany ilkinji gezek çagalaryň sanyndan geçdi

Hytaýda 65 ýaşdan uly bolan ýaşaýjylaryň sany 1949-njy ýylda demografik statistika ýöredilip başlanany bäri ilkinji gezek 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sanyndan geçdi. Bu barada «South China Morning Post»......