Marsyň orbitasynda Hindistanyň zondynyň missiýasy tamamlandy

  • 05.10.2022 10:31
  • 5k+

Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) Marsyň orbitasynda Mangalyaan zondynyň missiýasynyň tamamlanandygyny habar berdi. Bu barada Interfax.ru belleýär.

Guramanyň habar bermegine görä, ISRO-nyň we dürli ylmy-gözleg edaralarynyň wekilleri elektrik energiýasyny durnukly öndürmek üçin zerur bolan orbita belentligini saklamak üçin enjamyň ýangyjynyň gutarandygy baradaky netijä geldiler. Olaryň pikiriçe, zondyň orbitada mundan beýläk ulanylmagy mümkin däl we hünärmenler ony işe gaýtaryp bilmezler.

“Tehnologiýany görkezmek üçin ulanylýan enjamyň hyzmat ediş möhletiniň alty aýa niýetlenendigine garamazdan, Mars orbital zondynyň missiýasy dowamly tutulma sebäpli 2022-nji ýylyň aprel aýynda ýerüsti stansiýa bilen aragatnaşyk ýitirilýänçä sekiz ýyl töweregi dowam etdi” – diýip, ISRO belleýär.

Planetara orbital stansiýa Mangalyaan 2013-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Satişa Dhawana adyndaky Kosmos merkeziniň uçuş meýdançasyndan uçuryldy. Uçuşdan 300 gün soň, 2014-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda zond Marsyň orbitasyna çykyp, ol ýerde sekiz ýyl boldy.
Işiniň dowamynda zond Gyzyl planetanyň atmosferasyndaky we ekzosferasyndaky hadysalary, şeýle-de onuň üstüniň aýratynlyklaryny öwrendi. Enjam ilkinji bolup Marsyň hemrasy Deýmosyň arka tarapyny surata aldy, planetanyň üstündäki tozanly tupanlara gözegçilik etdi we gazlaryň düzümi barada maglumatlary ýygnady.


16.09.2025 19:57
6.6k+

Hindi inženerleri uçarlar üçin “howa ýassyklaryny” oýlap tapdy

Hindi inženerleri uçarlar üçin täze howpsuzlyk ulgamyny döretdi – olar uçaryň fýuzelýažyny heläkçilik wagtynda açylyp, aşak gaçyşy ýumşatjak ägirt ýassyklar bilen örtmegi teklip edýär. Bu pikir şu ýylyň iýunynda Air India kompaniýasynyň uçary heläkçilige uçrandan soň peýda boldy...

31.07.2025 13:44
4.3k+

Hindistan adamdan öňürti kosmosa adam şekilli roboty iberer

Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) 2025-nji ýylyň dekabrynda orbita gumanoid robot bilen kosmos gämisini ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada guramanyň başlygy Wanniýaperumal Naraýananyň sözlerine salgylanyp, Odisha Bytes habar berýär...

26.07.2025 11:59
2.9k+

NASA we Hindistan Ýere syn ediş hemralaryndan iň gymmatlarynyň birini uçurmaga taýynlanýar

30-njy iýulda ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary dolandyryş gullugy (NASA) we Hindi kosmos barlaglary guramasy (ISRO) tarapyndan işlenip düzülen NISAR Ýere gözegçilik hemrasyny (NASA-ISRO Synthetic Aperture Radar) uçurmak meýilleşdirilýär...

27.06.2025 18:11
5.7k+

Halkara kosmos stansiýasyna ilkinji gezek Hindistandan, Polşadan we Wengriýadan astronawtlar bardy

26-njy iýunda SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasyna üstünlikli birikdi. Uçuş Axiom Space amerikan kompaniýasynyň Ax-4 («Aksiom-4») hususy missiýasynyň çäklerinde amala aşyryldy...