Xiaomi özüniň ilkinji 200 megapiksellik smartfonyny bildiriş etdi

  • 03.10.2022 10:32
  • 10k+

29-njy sentýabrda Xiaomi-niň esaslandyryjysy Leý Szýun sosial torlarda Xiaomi Mi 12T-nyň hatarynyň 200 megapiksellik esasy kamera bilen enjamlaşdyryljakdygyny habar berdi.

«Ozallar biz esasan apparat üpjünçiligine üns berýärdik. Soňky ýyllarky strategiki täzelenişimiz arkaly, diňe programma we apparat üpjünçiligini çuňňur sazlaşdyrmak ýoly bilen biz iň gowy ulanyjy tejribesini gazanyp bileris, Xiaomi bolsa täze öňegidişliklere eýe bolar.
Biziň geçiren pikir soraşmamyz kameranyň iň esasy faktorlaryň biridigini, ulanyjylaryň telefony şoňa görä satyn alýandygyny görkezdi. Şol sebäpli-de biz ulanyjylara has gyzykly bolar ýaly we ýokary hilli wideolary hem-de suratlary düşürmek aňsatlaşar ýaly, şekilleri işlemegiň ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga serişde goýduk.

Xiaomi Mi 12T — bu Samsung HP1 hatarynda ulanylýan 200 megapiksellik sensoryň — bu edil Samsung HP1, moto X30 Pro-nyňky ýalydygy habar berildi. HP 1 datçiginiň optiki formaty 1/1,22 dýum, bu 1/1,28 dýum ölçegdäki Sony IMX707-niňkiden uludyr. Bir pikseliň ölçegi 0,64 mkm. Ýagtylygyň ýeterlik däl şertlerinde 200 million piksel 50 Mp razreşeniýeli suratlary almak üçin 1,28 mkm ölçegli pikselleri sintezirläp bilýär.
Ondan hem başga, Xiaomi 12T ýene ýokarky giň burçly 8 megapiksellik we 2 megapiksellik makroobýektiw bilen enjamlaşdyrylan, öň tarapky kamera bolsa 20 megapiksellik bolar.
Smartfonyň tanyşdyrylyşy 4-nji oktýabrda geçer.


17.06.2026 11:15
2.9k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

24.05.2026 06:47
3.5k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

16.05.2026 16:22
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny anons etdi

Xiaomi kompaniýasy açyk görnüşli ilkinji simsiz klipsa gulaklyklary bolan «Open-Ear Clip-on» modelini tanyşdyrdy. Anons kompaniýanyň prezidenti Lu Weýbin tarapyndan edildi, ýöne häzirlikçe bu barada giňişleýin......