Arassa girdejisi peselenden soň, Nike-yň paýnamalary 14% diýen ýaly arzanlady

  • 02.10.2022 07:37
  • 6k+

Amerikanyň sport harytlaryny öndürýän Nike Inc. kompaniýasy arassa girdejisini 22% azaltdy, ýöne 2023-nji maliýe ýylynyň birinji çärýeginde düşewündini artdyrdy.

Şonuň bilen birlikde, Nike-yň kagyzlary 10% arzanlady, sebäbi kompaniýanyň wekilleri Demirgazyk Amerikada ammarlarda galan, möwsüme laýyk däl harytlary tiz geçirmek maksady bilen, olaryň bahalarynyň arzanladylmagynyň maliýe ýylynyň galan döwrüniň dowamynda jemi tapawudyň peselmegine getirjekdigini habar berdiler we dollaryň kursunyň ýokarlanmagynyň düýpli ýaramaz täsirini ýetirjekdigini duýdurdylar diýip, MarketWatch ýazýar.


02.02.2026 10:53
2.6k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

25.12.2025 11:05
2.9k+

Tim Kuk Nike-yň 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy, şondan soň olaryň bahasy 5% ýokarlandy

Apple-yň baş direktory Tim Kuk Nike kompaniýasynyň takmynan 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, işewür kompaniýanyň çärýeklik hasabatynyň gowşak çykmagy sebäpli nyrhlar pese gaçandan soň, her biri 58,97 dollardan bolan 50 müň sany paýnamany satyn aldy...

20.10.2025 17:43
1.9k+

Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola

Soňky ýüz ýylda dünýäniň köp böleginde zenanlaryň iş şertleri düýpli üýtgedi – häzirki günde olar giň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolup, köp kärde zähmet çekip bilýär. Şeýle-de bolsa, Deloitte Global Women @ Work 2025 gözleginiň görkezişi ýaly, deňlik barada gürlemekden entek ir...

23.03.2025 18:47
3.4k+

Nike satuwlarynyň 20%-e çenli pese gaçyp biljekdigini duýdurdy

Sport harytlaryny, egin-eşikleri we aýakgaplary öndürýän dünýäniň iň iri korporasiýalaryndan biri bolan Nike şu çärýegiň ahyrynda satuwlarynyň pese gaçyp biljekdigini duýdurdy. Munuň sebäbi bolsa, ABŞ-nyň hökümeti...