Ýaşulularyň halkara güni: Serdar Berdimuhamedow türkmen ýaşulularyny gutlady

  • 01.10.2022 18:08
  • 7.8k+

Şu gün ― 1-nji oktýabrda dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Türkmenistanda hem Ýaşulularyň halkara güni bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow ýaşuly nesliň wekillerine Gutlag iberdi.

“Joşgunly toýdur baýramlarymyzyň gelşigi, döwletli törlerimiziň, bagtyýar zamanamyzyň ýaraşygy bolan paýhasly gojalarymyzyň, mähriban enelerimiziň geçen ömür menzillerinde toplanan baý durmuş ýollary, kämil düşünjelere, päkize garaýyşlara ýugrulan öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary ýaş nesiller üçin tapylgysyz mekdepdir” diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda Ýaşulularyň halkara gününiň biziň düýnümizi, şu günümizi hem-de geljegimizi, döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan baýramdygyny nygtady.
“Ata-babalarymyzyň «Garryly öý — gaznaly öý», «Garry — öýüň sütüni», «Ulusyny sylan beg bolar, begini sylan — ýeg» ýaly çuňňur manyly jümlelerinden ugur alyp, ýaşuly nesillerimiziň durmuş taýdan goraglylygy we abadançylygy hakynda uly alada edýäris. Kabul edilen döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýaşuly nesillerimiziň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris” diýlip, Gutlagda biziň Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň esaslaryny berkidýän we kuwwatlandyrýan işlerimize, döwlet derejesindäki çärelere, täze desgalaryň açylyş dabaralaryna, bugdaý oragy, pagta ýygymy, ekiş ýaly il-günümiziň rysgal-berekedi bilen bagly wajyp işlere, toý-baýramlarymyza ýaşulularymyzyň ak patasy bilen badalga berýändigimiz aýratyn bellenilýär.
Döwlet Baştutanynyň Gutlagy: “Sizi Ýaşulularyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin” diýen sözler bilen jemlenýär.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......