Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy

  • 01.10.2022 00:12
  • 4.8k+

Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruis Alonso bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň ÝB bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyk 29-njy sentýabrda Türkmenistanyň DIM-inde geçirildi.

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň esasy görkezijileriniň biri ýokary derejeli gepleşikler bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Komissiýasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň wekiliýetleriniň özara saparlaryň, şeýle hem Ýewropa Parlamentiniň agzalarynyň türkmen kärdeşleri bilen duşuşyklarynyň gurnalmagynyň mümkinçilikleri bilen bagly meselelere seredildi.
Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak üçin şertleri döretmek maksady bilen, taraplar şu ýylyň ahyryna çenli Aşgabatda “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmegi ylalaşdylar.
Şol bir wagtda, türkmen-ýewropa gepleşikleriniň çäklerinde adam hukuklary boýunça nobatdaky ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler we onuň dowamynda wajyp ynsanperwerlik meselelerine seredilmegi meýilleşdirilýär.


şu gün 12:31
198

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
291

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
650

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 11:27
1.9k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......