Meta Özbegistanda wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär

  • 28.09.2022 20:36
  • 8.3k+

Meta kompaniýasynyň wekiliýeti Özbegistanyň paýtagtyna bolan saparynyň dowamynda Daşkendiň IT-parkynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk etmek we öz wekilhanasyny açmak barada gepleşikleri geçirdiler. Bu barada duşenbe güni parkyň metbugat gullugy habar berdi.

"Duşuşygyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar Özbegistanda Meta kompaniýasynyň wekilhanasyny açmagyň mümkindigi barada ylalaşdylar" - diýip, habarda aýdylýar. Daşkentde geçen gepleşiklerde kompaniýa Metanyň Hytaýdaky, Mongoliýadaky we Merkezi Aziýadaky wekili Jorj Çen we Facebook-yň hökümet bilen işleşmek boýunça menejeri Awrora Li wekillik etdiler diýip bellenýär.  

Daşkendiň IT-parky ("Programma önümleriniň we maglumat tehnologiýalarynyň tehnologik parkynyň direksiýasy" JÇJ) 2019-njy ýylyň ortalarynda açylypdyю. Üstümizdäki ýylyň alty aýynyň jemi boýunça parkyň 750 töweregi rezidenti bar, ýarym ýylyň içinde olar 2,3 trln somlyk (230 mln dollar töweregi) hyzmatlary bitirdiler. 2022-nji ýylyň jemleri boýunça olar 100 mln dollarlyk hyzmatlary eksport ederler diýip garaşylýar.


11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

26.05.2026 19:02
7.5k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

26.05.2026 09:51
3.7k+

Namangandaky halkara gül festiwaly Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Özbegistanyň Namangan şäherinde geçirilen 65-nji halkara gül festiwaly, onuň guralmagy üçin bir aýyň dowamynda 29,4 milliondan gowrak ösümlik oturdylandan soň, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi....