Beýik Britaniýada täze şa şifri hödürlendi

  • 27.09.2022 15:13
  • 12k+

Beýik Britaniýada şa aýaly Ýelizaweta II aradan çykandan we patyşa Karl III tagta geçenden soň täze şa şifri hödürlendi. Bu barada BBC ýaýlym korporasiýasy habar berdi diýip, regnum.ru belleýär.

Monogramma täze monarhyň adynyň we titulynyň baş harplary bolan C (Charles, Karl) we R-den (Rex – patyşa, latynça), III rim sifrinden we altyn bilen bezelen Týudor täjiniň şekilinden ybarat. Şotlandiýanyň şifri gara reňkde ýerine ýetirilip, onda Şotlandiýa täji şekillendirilipdir.
Karl III täze milli şifri Beýik Britaniýanyň gerald palatasy tarapyndan teklip edilen on görnüşden saýlady. Keramatly Eduardyň täjiniň şekilini saýlan Ýelizaweta II-niň şifrinden tapawutlylykda, täze monarh Týudor täjinde saklanmak kararyna geldi. Ondan öň bu täjiň şekilini şifrde Eduard VII, Georg V, Eduard VIII we Georg VI ulanypdy.
Täze monogramma poçta gutularynda we döwlet neşirlerinde, harby we polisiýa formalarynda, resmi resminamalarda ulanylar. Köne şifrler ýuwaş-ýuwaşdan çalşyrylar.


19.06.2026 19:18
3.5k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......