Xiaomi ykjam kir maşyny bilen tanyşdyrdy

  • 27.09.2022 13:04
  • 10k+

Xiaomi kompaniýasy 3 kg geýim üçin niýetlenen çaklaňja Xiaomi Mijia kir maşyny bilen tanyşdyrdy. Deslapky sargytda onuň bahasy 97 dollara barabar.

Kir maşyn bary-ýogy 0,18 inedördül metrde ýerleşýär. Onda bir gezekde 12 sany çaga eşigini, 12 futbolka, 8 sany uly erkek köýnegini, zenanlaryň içki eşikleriniň 15 sanysyny (sanawdakylaryň haýsy-da bolsa birini) ýuwup bolýar.
Bu kir maşyn kir ýuwmanyň birgiden programmasyny hödürleýär, 15 minutda ýuwýan ekspress-ýuwuş, tüý aýyrýan süzgüji we bakyny özi arassalaýjy programmasy bar. Kir maşynyň ölçegi 412 x 422 x 730 mm, ýokarky gapagynyň aňrybaş açylyş we ýapylyş burçy 930, agramy bolsa 19 kg.
Kir maşyn energonetijeliligiň üçünji klasyna degişli, ol bir gezekki ýuwuşda 0,043 kWt/s energiýa we 57 litr suw sarp edýär.


17.06.2026 11:15
2.9k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

24.05.2026 06:47
3.5k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

16.05.2026 16:22
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny anons etdi

Xiaomi kompaniýasy açyk görnüşli ilkinji simsiz klipsa gulaklyklary bolan «Open-Ear Clip-on» modelini tanyşdyrdy. Anons kompaniýanyň prezidenti Lu Weýbin tarapyndan edildi, ýöne häzirlikçe bu barada giňişleýin......