Russiýanyň «Ural» tans topary Aşgabatda konsert berdi

  • 26.09.2022 14:56
  • 8k+

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk döwlet filarmoniýasynyň «Ural» tans toparynyň konserti geçirildi. Bu meşhur toparyň tansçylary Çelýabinsk oblastynyň gubernatorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde ýurdumyzda bolýarlar.

Dabaranyň başynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin «Mukam» skripkaçylar toparynyň çeper ýolbaşçysy Garold Neýmarka «Puşkin» medalyny gowşurdy. Prezident Wladimir Putiniň degişli Permany bilen, ol dostlukly ýurduň bu ýokary sylagyna Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandy, şeýle-de medeniýetde, sungatda gazanan üstünlikleri üçin mynasyp boldy.
Soňra teatryň sahnasynda «Ural» döwlet tans toparynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli taýýarlan dostluk konserti ýaýbaňlandyryldy. Konsert maksatnamasy toparyň altyn gaznasyna giren horeografik çykyşlaryň 12-sini öz içine aldy. «Dostluk çemeni» atly çykyş bilen başlanan joşgunly tanslarda Ural sebitlerinde ýaşaýan halklaryň tans sungatynyň özboluşly aýratynlyklary giňden açylyp görkezildi.


Ýeri gelende bellesek, Çelýabinsk döwlet filarmoniýasynyň 1980-nji ýylda döredilen «Ural» tans topary diňe bir Çelýabinsk oblastynda däl, eýsem, tutuş Ural sebitinde öňdebaryjy tans toparlarynyň biri hasaplanýar. Bu döredijilik topary Russiýanyň çäginde we halkara derejede geçirilýän abraýly bäsleşiklerdir festiwallaryň ýeňijisi bolup, dünýäniň ençeme döwletinde öz ajaýyp çykyşlary bilen tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy. «Ural» tans toparynyň döredilmeginiň maksady bu sebitde ýaşaýan halklaryň taryhyny, etnografiýasyny, däp-dessurlaryny döwrebap tans eserleriniň dilinde açyp görkezmekden ybaratdyr. Toparyň köpöwüşginli çykyşlarynda urallylaryň ýerli sungaty wagyz edilip, olaryň milli aýratynlyklary we folklory häzirki zaman horeografik eserlerinde öz beýanyny tapýar.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......