Türkmenistan “Dragon Oil” bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

  • 26.09.2022 12:20
  • 13k+

25-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwany kabul etdi. Döwlet Baştutany köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda bu kompaniýanyň özüni işine öňdebaryjy tejribäni we ýokary tehnologiýalary, häzirki döwrüň ekologik talaplaryna laýyklykda, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary işjeň çekýän jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezendigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini hem-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ägirt uly meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Nebitiň we gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit hem-de gazhimiýa önümleriniň eksportyny artdyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu esasy pudagynyň öňünde goýlan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryndadyr.
Hormatly Prezident dünýä bazarlarynda energiýa serişdelerine barha artýan islegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny nygtady hem-de kompaniýanyň mundan beýläkki hyzmatdaşlyk baradaky tekliplerine seretmäge taýýardygyny belledi.
Ali Raşid Al Jarwan Türkmenistanda amala aşyrylýan hem-de halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolan düýpli özgertmeleriň giň gerimine we depginlerine haýran galýandygyny aýdyp, “Dragon Oil” kompaniýasynyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryna pugta eýerjekdigine ynandyrdy.


20.06.2026 11:41
4.3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
4.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
6.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......