Starlink hemra internetiniň tizligi abonentleriň sanynyň köpelmegi sebäpli peseldi

  • 25.09.2022 13:03
  • 6.2k+

Speedtest serwisiniň eýesi Ookla kompaniýasy Starlink hemra üpjün edijisiniň dünýäniň dürli sebitlerinde üpjün edýän birikme tizligi boýunça hasabatyny neşir etdi. II çärýekdäki hasabata Ýewropada, Okeaniýada, Demirgazyk we Günorta Amerikalarda geçirilen ölçegleriň netijeleri girdi. Bu barada 3dnews.ru habar berýär.

Şeýle-de, gözlegçiler Kanadada, Fransiýada, Germaniýada, Täze Zelandiýada, Beýik Britaniýada we ABŞ-da görkezijileriň ýyllyk dinamikasyny deňeşdirdiler: şu ýylyň II çärýeginde tizlik geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ähli ýerde pese gaçdy, pese gaçyş 9-dan 54%-e çenli boldy. Ookla muny abonent bazasynyň ösüşi bilen baglanyşdyrýar. Demirgazyk Amerikada ortaça ýükleýiş tizligi 60 Mbit/s-dan ýokary boldy. Puerto-Rikoda Starlink-iň netijeleri (112,22 Mbit/s) Demirgazyk Amerikanyň ähli hemra üpjün edijileri üçin rekordly boldy.
II çärýekde Ýewropa ýurtlarynyň 16-synda Starlink-iň tizligi ýerli üpjün edijileriň ortaça görkezijisinden ýokary boldy, Ýewropanyň 10 ýurdunda Starlink-iň ýükleýiş tizligi 100 Mbit/s-dan ýokarydy. Gresiýada we Awstriýada gidýän Starlink kanaly degişlilikde 19,34 we 17,14 Mbit/s görkezip, simli operatorlaryň gidýän tizliginden öňe geçdi. Starlink-iň iň az gijikdirmesi Ispaniýada we Beýik Britaniýada göründi: degişlilikde, 37 ms we 39 ms.
Ilon Maskyň kompaniýasy Braziliýada iň çalt hemra üpjün edijisi boldy (128,38 Mbit/s), Starlink Çilide ikinji orny eýeledi (94,79 Mbit/s). Bu ýurtlarda hyzmat iň az gijikdirmäni görkezdi – 38 ms. Täze Zelandiýada Starlink Okeaniýadaky iň çalt hemra üpjün edijisi boldy, bu ýerde ortaça ýükleýiş tizligi 105,99 Mbit/s ýetdi. Tongada hemra operatory 45,25 Mbit/s netijäni görkezdi. Gijikdirme Awstraliýada 49 ms, Täze Zelandiýada 78 ms, Tongada 98 ms boldy.
Gözlegçiler geljek ýyl tizligiň hasam peseljekdigini çaklaýarlar we munuň sebäpleriniň biri hökmünde Ookla hemra aragatnaşygynyň mobil bazaryna ýaýramagyny hasaplaýar – abonentleriň sany we birikme tizligi ters proporsional.


11.03.2026 20:11
9.9k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

12.02.2026 23:21
3.1k+

Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar

​X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask bu programmany gurnan adamlaryň sanynyň bir milliarddan aşandygyny mälim etdi. ​"Biziň bir milliard ulanyjy barada aýtmagymyzyň sebäbi, ortaça aýlyk ulanyjylarymyzyň sany 600 million töweregi bolsa-da, goşundyny ýükläp alanlaryň sany bir milliarddan ep-esli köpdür...