Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýolagçy awtomenzilleri açyldy

  • 25.09.2022 09:52
  • 34k+

24-nji sentýabrda Balkanabatda, Daşoguzda, Türkmenabatda we Maryda ýolagçy awtomenzilleriniň binalary açyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow ulag düzüminiň täze desgalarynyň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat hem-de Mary şäherlerindäki ýolagçy awtomenzilleri Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky “Türkmenawtoulaglarynyň”  agentliginiň  “Balkanawtoulag”, “Daşoguzawtoulag”, “Lebapawtoulag”, “Maryawtoulag”  önümçilik birleşikleriniň buýurmasy boýunça guruldy. Gurluşyk işleri ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak bilen  “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bir kysymly taslama boýunça üstünlikli ýerine ýetirildi.
Her desganyň umumy meýdany 30 müň inedördül metr bolup bir gije gündizde 700 ýolagça hyzmat etmäge  hem-de şäher, şäherýaka we şäherara ugurlarda awtobus ýolagçylaryna ýokary hilli hyzmatlaryny hödürlemäge niýetlenendir.
Meýdanlary 2150 hem-de 2100 inedördül metr bolan açyk hem-de ýapyk awtoduralgalar degişlilikde 100 hem-de 112 ýeňil awtoulaga niýetlenendir.
Şeýle hem bu ýerde meýdan, halkara hem-de şäherara awtobuslar üçin duralga, şäher awtobuslar hem-de taksileri üçin meýdança bar.
Awtomenziliň esasy desgalary iki gatly binalardan ybarat.
Esasy binalaryň içinde maglumat panelleri elektron onlaýn petekler üçin multimediýa ekran, şeýle hem dürli ölçeglerdäki maglumat yşykdiod monitorlar ýerleşdirilipdir. Olarda ýolagçylar şäherara hem-de halkara ugurlaryň tertibi, petekler hem-de olaryň bahasy baradaky maglumatlary alyp bilerler.
Bulardan başga-da birinji gatda 140 orunlyk zal, awtobus peteklerini, şeýle hem howa we demirýol ulaglarynyň peteklerini satýan kassalar, sorag jogap gullugy,  ýükleri saklamak üçin kamera, dürli gulluk otaglary ýerleşdirilipdir. Bu ýerde dermanhana, lukmançylyk otagy, aragatnaşyk hyzmaty, market hem-de dükanlar ýolagçylaryň hyzmatynda. 
Dabaranyň dowamynda ýolagçy awtomenzilleriň awtobuslarda hem-de taksi ulaglarynda ýolagçy daşamak boýunça mümkinçilikleriniň, şeýle hem ilata hödürleýän hyzmatlarynyň NVA (Ulag howpsuzlygy)  tarapyndan bellenilen talaplara doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwanamalar gowşuryldy.


11.05.2026 15:51
5.9k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

03.05.2026 16:02
12k+

Şäherleriň ululygyndaky howa menzilleri: dünýäniň iň uly 7 howa menzili

Häzirki zaman howa menzilleri köpden bäri diňe uçuş we gonuş nokatlary bolmagyny bes etdi. Olar awiasiýanyň geljekki onlarça ýyllar öňünden logistika, biznes we strategiýa bilen baglanyşykly giň......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.7k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......