Türkmenistanyň birnäçe raýatlaryna «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy

  • 24.09.2022 14:29
  • 15k+

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti raýatlaryň bir toparyna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy:

  • «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Orazguly Annaýew
  • Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň çyzuw we materiallaryň garşylygy kafedrasynyň uly mugallymy Amangeldi Orazow
  • Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň Aşgabat şäher Arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň Zeýsuw we suwaryş müdirliginiň maşinisti Atamyrat Myllykow
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 11-nji orta mekdebiniň müdiri Kakageldi Atdaýew
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni Baýramdurdy Meredow
  • Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Durun geňeşliginiň Durun obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Kadyr Annaýew
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiniň mugallymy Akmämmet Mämiýew
  • Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Abdyrahman Begjanow
  • Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Nurgylyç Täşliýew
  • Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky geňeşliginiň Polatly obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Meretdurdy Reýimow
  • Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Amanmurat Oräýew
  • Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Rowaçlyk geňeşliginiň Särarýap obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Narbaý Orunbaýew
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Farap etrabyndaky 2-nji orta mekdebiniň müdiri Saparbaý Rozyýew
  • Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Jorakuly Ergeşow
  • Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Çilan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Garly Bazarow
  • Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň uly ylmy işgäri Rejepmyrat Berdimyradow
  • Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Goňur geňeşliginiň Garagoňur obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Allaýar Allakow
  • Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Göbeklidepe geňeşliginiň Göbekli obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Jumadurdy Jumaniýazowiç Hydyrow.

düýn 18:14
2.1k+

Türkmenistan Gurban baýramyny giň gerimde belleýär

Üç günläp dowam edýän Gurban baýramy türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda giňden bellenilýär....

26.05.2026 19:02
6.3k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

26.05.2026 12:36
2.6k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

25.05.2026 11:17
9.2k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....