BSGG dünýäde COVID bilen keselleme görkezijileriniň peselýändigini belledi

  • 24.09.2022 12:48
  • 7.3k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) geçen hepdäniň içinde dünýäde COVID-19 netijesinde kesellemegiň we ýogalmagyň derejesiniň peselýändigini nygtady.

12-18-nji sentýabr aralygynda dünýäniň ähli sebitlerinde koronawirus bilen kesellemek ýagdaýy azaldy. Ýokuşmaklygyň ep-esli azalýandygy Afrikada (35%), Gündogar Ortaýer deňiz sebitinde (14%), şeýle hem Amerikada (12%) has hem aýdyň duýulýar diýip, BSGG-niň hepdelik epidemiologik býulleteninde aýdylýar.
Tutuş hepdäniň dowamynda dünýäde COVID-19 bilen täze kesellänleriň sany 3,2 mln boldy.
Koronawirusdan ýogalýanlaryň sany ähli sebitlerde azaldy: esasanam — Gündogar Ortaýer deňiz sebitinde (46%), Afrikada (27%), şeýle hem Ýuwaş ummanynyň günbatar böleginde (27%).
Hepdäniň dowamynda dünýä boýunça 9,8 müň adamyň COVID-19 bilen ýogalandygy bellige alyndy.
Pandemiýanyň tutuş dowamynda dünýäde 613 mln adamyň koronawirus bilen keselländigi we keseliň netijesinde 6,5 mln adamyň ýogalandygy anyklandy.


18.05.2026 14:46
4.7k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

10.05.2026 18:46
4.2k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

06.05.2026 16:42
5.2k+

BSGG Atlantik ummanyndaky kruiz laýnerinde hantawirusyň ýüze çykandygyny habar berdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kabo-Werdeniň kenarlarynyň golaýynda ýerleşýän «Hondius» kruiz laýnerinde hantawirus hadysalarynyň ýüze çykandygyny habar berdi....

03.04.2026 12:06
4.6k+

Dünýädäki şäherleriň diňe 14%-i BSGG-nyň howanyň hil standartlaryna laýyk gelýär

Dünýädäki şäherleriň diňe 14% -i howasynyň hapalygynyň derejesi boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezmelerine laýyk gelýär. Bu barada Şweýsariýanyň IQAir kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda......