Serdar Berdimuhamedow Döwlet Maslahatynda çykyş etdi

  • 23.09.2022 11:44
  • 28k+

Şu gün Aşgabatdaky Ruhyýet köşgünde welaýatlaryň wekilleriniň hem sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda geçirilýän Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow maksatnamalaýyn çykyş etdi. Onda döwlet Baştutany Garaşsyzlyk ýyllarynda içeri we daşary syýasatymyzda gazanylan üstünliklere giňişleýin syn berip, täze taryhy döwürde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan anyk wezipeleri kesgitledi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda geçen taryhy döwürde milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda alnyp barlan işler, durmuşa geçirilen taslamalar, olaryň ähmiýeti barada jikme-jik durup geçdi. Hususan-da, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, daşary syýasatda dünýä döwletleridir halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ösüşiň senagat-innowasion ýoluny dowam etdirmek, çeýe salgyt we işjeň söwda syýasatyny alyp barmak, oba hojalygyny, dokma pudagyny döwrebaplaşdyrmak, «ýaşyl» ykdysadyýete, sanly ulgama geçmek işini höweslendirmek, hususy önüm öndürijileri goldamak, elektroenergetika, gurluşyk pudaklarynda möhüm taslamalary amala aşyrmak, döwrebap üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek ýaly ileri tutulýan ugurlar çykyşyň esasyny düzdi.
Şeýle-de döwlet Baştutany ýaşlar syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, medeniýet, sport ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly meselelere ünsi çekdi. Şunda medeni diplomatiýanyň möhüm ugry hökmünde ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek, türkmen türgenlerini ýakyn ýyllarda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak, sport we bedenterbiýe ulgamy boýunça täze döwlet strategiýasyny işläp düzmek, öňde boljak Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna häzirden taýýarlyk görmek barada-da aýratyn durlup geçildi. 


düýn 16:07
1.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....