Samsung Galaxy S24 dünýäde Wi-Fi 7 goldawly ilkinji smartfon bolar

  • 23.09.2022 10:58
  • 19k+

DigiTimes-yň hasabatyna salgylanýan WCCF-iň çeşmeleriniň ýazmagyna görä, Wi-Fi 7 goldawly smartfonlaryň hatary 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda peýda bolar. Samsung Galaxy S24 şolar ýaly apparatlaryň ilkinjileriniň biri bolsa gerek.

Wi-Fi 6E-niň häzirki tehnologiýasyna Wi-Fi 6 bilen Wi-Fi 7-niň aralygyndaky geçiş ýaly garalýar, şeýle-de bolsa ol golaý bir ýarym-iki ýylyň dowamynda entek saklanar.
Galaxy S24 islendik ýagdaýda-da Qualcomm top platformasyna eýe bolar we dostup nokady hem-de marşrutizator üçin kompaniýanyň eýýäm Wi-Fi 7 adapteri bar, SoC mobil telefonlar üçin şuňa meňzeş çipleriň peýda bolmagy-bolmazlygy —  geljegiň işi.
Olar 16 akym boýunça dört diapazonly birikdirmäni, 300-megagerslik kanaly we 30Gbit/s-lyk (iň ýokarysy — 40 Gbit/s-e çenli) geçirijiligi göterýär.
Deňeşdirmek üçin: Wi-Fi 6-nyň aňrybaş geçirijiligi 9,6 Gbit/s, şonuň üçinem Galaxy S24 simsiz tora birikdirilende tizligi gaty çalt bolar.


25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

15.06.2026 07:51
2.2k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....

23.05.2026 10:37
4.5k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.6k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......