Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady

  • 23.09.2022 10:53
  • 7.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasy Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz Al Sauda we Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, goranmak ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda, şeýle-de ýurduň ähli halkyna Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hatynda: “Biz Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky hemişe ösdürilýän doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip nygtap, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdi.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Sauda we Mirasdüşer Şazada Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Saud Arabystany Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi.


02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.8k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......