Hytaý Ýünhay-1 meteorologik hemrasyny uçurdy

  • 22.09.2022 14:27
  • 5.8k+

Hytaý düýn, 21-nji sentýabrda atmosfera, deňiz we älem gurşawyna gözegçilik etmekde ulanylýan üçünji Ýünhay-1 hemrasynyň üstünlikli uçuşyny amala aşyrdy.

Sinhua habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Ýünhay-1 03 hemrasynyň uçuşy ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Szýusýuan kosmodromyndan Long March-2D raketa göterijisiniň kömegi bilen amala aşyryldy.
Hemra goýberilenden soň, meýilleşdirilen orbital pozisiýasyna çykaryldy.
Şanhaýyň älem uçuşlarynyň tehnologiýasy akademiýasynda (SAST) işlenip taýýarlanan hemra ylmy barlaglar we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça barlaglar üçin ulanylar.
Ýünhay-1 hemralarynyň birinjisi 2016-njy ýylyň noýabrynda, ikinjisi bolsa 2019-njy ýylyň sentýabrynda goýberilipdi.
Long March (“Çançžen”/ “Beýik ýörüş”) tapgyrlaýyn raketa göterijiler üçin bu goýberiliş hasap boýunça 438-njidir.


düýn 20:08
3.7k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......

25.05.2026 16:14
5.4k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....