Aşgabatda Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

  • 20.09.2022 23:53
  • 6.1k+

20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy: gazanylan tejribe we ösüşiň geljegi» atly halkara maslahaty geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor–mugallymlary, talyplary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamyda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň çykyşy diňlenilip, onda Türkmenistanyň halkara ykdysady guramalary, maliýe institutlary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze itergi bermegini maksat edinýändigini, hem-de ikitataraplaýyn hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýändigi barada belläp geçdi.
Şeýle-de çäräniň dowamynda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Türkmenogly, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy A.Andrysýakin, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.W.Blohin, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi S.Naýçen we ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýary Ilçisi M.S.Klimou dagylar çykyş etdiler.
Diplomatik korpusynyň wekilleriniň çykyşynda soňky ýyllarda geljekki ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriniň döredilendigini bellenildi. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen dünýäniň 100-den gowrak daşary ýurtlarynyň söwda gatnaşyklarynyň bardygyny, şeýle hem Halkara Walýuta gaznasy, Bütindünýä söwda guramasy, Bütindünýä Banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bilen ýakyn gatnaşyklarynyň ýola goýulandygyny nygtaldy.
Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň ýaňy ýakynda Bütindünýa Söwda Guramasynyň düzümine girmek üçin ýüz tutandygy we “goşulýan ýurt” derejesine  eýe bolandygyny bellenildi. Bu bolsa sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn derejesiniň görkezijisi bolup durýar.


şu gün 07:51
714

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
903

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......