Ilon Maskyň Starlink tory Ýer togalagynyň ähli yklymlarynda elýeter boldy

  • 20.09.2022 16:32
  • 10k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň SpaceX kompaniýasynyň hemra internet-tory indi Ýer togalagynyň ähli yklymlarynda işleýär. Bu barada ýekşenbe güni kompaniýanyň esaslandyryjysy Ilon Mask mälim etdi.  

"Starlink tory indi ähli yklymlarda, hatda Antarktikada hem işleýär" - diýip, ol Twitterde ýazdy.

Öňräk, ýekşenbe güni SpaceX Starlink-iň 54 hemradan ybarat nobatdaky tapgyryny älem giňişligine çykardy. Älem giňişligine çykarylan apparatlaryň umumy sany 3 müňden geçýär.
Starlink interneti Ýer ýüzüniň islendik künjegini 5G standartyna laýyk gelýän, sekuntda 1 gigabaýt trafik tizlikli internet bilen üpjün edip biler diýip, kompaniýa ynandyrýar. SpaceX-iň berýän bahasyna görä, jemi 11 müň hemra goýberilmeli we olary ulanyşa girizmek 10 mlrd dollara düşer. 

Şeýle hem okap bilersiňiz:


düýn 23:21
1.2k+

Adamyň Aýa gonmagy yza süýşürilýär: Aýa uçmaga derek – Ýeriň orbitasynda türgenleşik geçiler

NASA Artemis III adam dolandyryşly missiýasynyň maksatnamasyna takyklama girizdi: Aýa uçup, oňa gonmagyň deregine, ekspedisiýa Ýeriň pes orbitasynda amala aşyrylar. Bu uçuş geljekde Aýyň ýüzüne gonmak üçin......

15.05.2026 12:36
2.6k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......

14.05.2026 20:49
2.6k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

23.04.2026 15:22
1.1k+

Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi....