Iň elýeterli we iň gymmat interneti bolan ýurtlaryň reýtingi düzüldi

  • 20.09.2022 13:19
  • 17k+

Surfshark VPN serwisiniň hünärmenleri iň elýeterli we iň gymmat interneti bolan ýurtlaryň reýtingini düzdüler. Hünärmenler giň zolakly we mobil internet üçin iň arzan nyrhlaryň we ýurtdaky ortaça sagatlaýyn aýlyk hakynyň gatnaşygyny ölçediler. Bu barada incrussia.ru habar berýär.

Gözlege görä, iň elýeterli öý interneti Ermenistanda we Ysraýylda bolup, ony tölemek üçin, degişlilikde, 18 we 19 minut işlemeli. Iň arzan mobil interneti Ysraýylda bolup, ony tölemek üçin 5 sekunt işlemek gerek.
Tutuş dünýä boýunça ortaça görkezijiler, degişlilikde, 6 sagat 31 minut we 13 minut 8 sekuntdyr.
Reýtingiň aşaky setirinde Kot-d’Iwuar ýerleşdi. Afrikanyň bu ýurdunda internet dünýäde iň gymmady bolup, oňa elýeterli bolmak örän kyn. Iň arzan öý internetiniň nyrhyny tölemek üçin 65 sagat 33 minut işlemeli bolýar. Mobil internet birneme arzan düşýär – 59 minut 30 sekunt.
Umuman, soňky ýyl dünýäde öý internetine elýeterlilik birneme peseldi (ortaça 6 minut köp işlemeli), mobil internetine elýeterlilik, tersine, ýokarlandy (2 minut az işlemeli).
Ericsson şwed kompaniýasynyň analitikleri 2022-nji ýylyň ahyryna çenli mobil internetini ulanyjylar aýda 15 Gb trafik sarp ederler diýip hasaplaýarlar. Ösüşiň sebäpleri 5G ulgamynyň ýaýramagy we wideo mazmunyň köpelmegi boldy.

şu gün 15:52
1.6k+

Pekinde ýeňil uçar iň beýik gökdirän binany baryp urdy

Ýeňil motorly sport uçary Pekiniň iň beýik binasy bolan China Zun (Çaýna-Szun) binasyna uruldy. Bu wakadan soň bina doly ewakuasiýa edildi diýip, «South China Morning Post» neşiri habar berýär....

şu gün 12:00
2k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

şu gün 11:31
940

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

şu gün 11:02
1k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....